Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýaş watandaşlarymyz türkmen sportunyň iň oňat däplerini üstünlikli dowam etdirip, halkara ýaryşlarda mähriban Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýärler. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň «Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi, Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda “Türkmen sporty dünýä ýaýylýa” ady bilen Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde 2012-2013-nji ýylda doglan ýaş türgenleriň arasynda sportuň Kikboksing görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda I-orna Kadyrjan Hojanyýazow, II-orna Alibek Nurmamedow, III-nji orna Timur Bekiýew dagylar mynasyp boldylar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Begenç ÇARYÝEW
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...