Türkmen tebigaty dünýä mirasynyň sanawynda

19.10.2023 387
Türkmen tebigaty dünýä mirasynyň sanawynda

«Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bu medeni ojak bilen bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet-sungat işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. «Türkmen tebigaty dünýä medeniýetiniň hazynasynda» diýen at bilen geçirilen maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň taryhy we medeni ojaklaryny, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny bu abraýly düzümiň sanawyna girizmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda gürrüň edildi. Goraghananyň işgärleri öz çykyşlarynda «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynda alnyp barylýan işleriň netijeliligi barada pikir alyşdylar. Şonuň ýaly-da ildeşlerimiziň çykyşlarynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen barha ýygjamlaşýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljegine ýokary baha berildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.