«Türkmen ýyldyzy» täze önümçiligi ýola goýar

12.10.2023 81
«Türkmen ýyldyzy» täze önümçiligi ýola goýar

«Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynda mis simlerini we kabellerini hem çykaryp başlamaklyk göz öňünde tutulýar. Täze önümçiligiň ilkinji synag tapgyry çykaryldy. Bu işiň doly ýola goýulmagy bilen şu güne çenli daşary ýurtdan satyn alynýan ýene bir önüm özümizde çykarylyp başlanar.

Welaýat neşiriniň habar berşi ýaly, häzirki wagtda bu zawodda örtüksiz we daşy örtükli alýumin simleriniň we kabelleriniň 34 görnüşi çykarylýar. Olaryň öndürilişi geçen ýyldaka garanyňda, iki esse artdyryldy. Has takygy, zawodda 2022-nji ýylda 3 million 845 müň metrden gowrak dürli diametrli simler öndürilen bolsa, şu ýylyň alty aýynda bu görkeziji eýýäm 3 million 19 müň metrden geçdi. Önümler Türkmenistanyň ähli ýerine ugradylýar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.