Türkmenabadyň himiýa zawodynda täze toplumyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär.

17.06.2025 75
Türkmenabadyň himiýa zawodynda täze toplumyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär.

     Şu günler Türkmenabadyň himiýa zawodynda ýene bir täze önümçilik toplumynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy zawodyň çäklerinde ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürýän täze toplumy gurar. Döwrebap toplumyň düýbüni tutmak işlerine görülýän taýýarlyk işleri koreýaly hünärmenler bilen bilelikde alnyp barylýar.

     Zawodyň 2025-nji ýylda-da oba hojalyk ekinlerini dökün bilen bol mukdarda üpjün etmäge mynasyp goşant goşýandygyny bellemek gerek. Şu ýyl bu ýerde öndürilen mineral dökünler 11 müň 300 tonna golaýlady. Şonuň 5,2 müň tonnasy azotly, 6 müň tonnadan gowragy fosforly dökünlerdir.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.