Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde 2026-njy ýylyň başyndan bäri 3 müň 99 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürildi. Şonuň 2 müň 856 tonnadan gowragy sarp edijilere ugradyldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önüm öndürmek boýunça ösüş depgini 105,7 göterime deň boldy. Ýylyň başyndan bäri 116 million 838 müň 787 manatlyk harytlyk önüm taýýarlanylyp, bu babatda bellenilen meýilnama 100 göterim berjaý edildi.
Fabrikde Germaniýanyň, Italiýanyň meşhur kompaniýalarynyň dokma enjamlary oturdylandyr.
Kärhananyň egirme bölüminde ikleriň 1200-si, egirme maşynlarynyň bolsa 24-si bolup, esasan, halkaly egirme işi ýerine ýetirilýär. Saraýjy bölümde agramy 1,5 kilogramdan gowrak bolan ýumaklar taýýarlanylýar. Önümçilik kärhanda, esasan-da, nah pagta ýüplükleriniň 20; 27; 34 belgili görnüşleri öndürilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...