Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi eksportuň mukdaryny artdyrýar

24.07.2023 139
Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi eksportuň mukdaryny artdyrýar

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde şu ýylyň ýanwar—iýun aýlarynda hem nah ýüplükleriň 1 müň 420 tonnasy taýýarlanyldy.

Fabrikde ýokary hilli nah ýüplükleriniň öndürilişi ýylsaýyn ýokarlanýar. Bu ýerde häzirki wagtda sarp edijileriň buýurmalary esasynda nah ýüplükleriň 14-lik, 17-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär.

Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 25 million 192 müň 897 manatlyga deň boldy. Şeýle-de geçen ýarym ýylda fabrigiň nah ýüplükleriniň 142 tonnasy eksporta ugradyldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.