Türkmenabat şäherindäki mekdep tehnologik ugurlara ýöriteleşdiriler

10.08.2023 62
Türkmenabat şäherindäki mekdep tehnologik ugurlara ýöriteleşdiriler

     Bosagada duran täze okuw ýylynda Türkmenabat şäherinde tehnologiki derslere ýöriteleşdirilen ilkinji mekdep işe girişer. Bu babatda ders bermek hukuk ygtyýarlylygy şäherdäki 32-nji orta mekdebe berildi.

Has takygy, mekdepde täze okuw ýylyndan başlap, maglumat tehnologiýalary, programmirleme we kiberhowpsuzlygy bilen bagly dersler has çuňlaşdyrylan görnüşde okadylar. Häzirki günlerde bu bilim ojagynda agzalan ugurlar boýunça has kämil hünärmenler işe çekilýär.

Sanly bilim ulgamyny kämil derejede ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler öz miwesini berýär. Bu babatda ýetilen sepgitler bilen kanagatlanylman, täze ädimler hem ädilýär. Täze okuw ýylyndan başlap, ýurduň umumybilim edaralarynyň käbiriniň tehnologik ugurlara ýöriteleşdirilmegi bu babatda ädilen möhüm ädimleriň biri bolar. Orta mekdepleriň ýokary synplarynda çuňlaşdyrylan görnüşde geçiljek sapaklar ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalardan has sowatly baş çykarmagyna ýardam berer. Mekdepden habar berlişi ýaly, çuňlaşdyrylan tehnologik dersler 11-nji we 12-nji synplarda hepdede iki sagat geçiler. Bu dersler şol bir wagtyň özünde hünär dersleri bolar we mekdebiň uçurymlaryna orta mekdebi tamamlandyklary barada şahadatnama bilen bilelikde başlangyç hünär şahadatnamasy berler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.