Türkmenabatda bir gije-gündizde 10 müň jübüt «Bat» joraplary öndürilýär

03.08.2023 52
Türkmenabatda bir gije-gündizde 10 müň jübüt «Bat» joraplary öndürilýär

     Türkmenabat şäherindäki «Bat» haryt nyşanly jorap önümçiliginde her gije-gündizde 10 müň jübüt jorap öndürilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Atamyrat Jumakulyýewe degişli bolan bu önümçilik kärhanasynda müşderileriň islegleri we teklipleri öwrenilip, ulular we çagalar üçin pasyllara görä joraplary öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.

Önümçilikde işçi-hünärmenleriň 50-ä golaýy zähmet çekýär. Önümçilikde Hytaý Halk Respublikasynyň we Italiýanyň dokma enjamlaryndan peýdalanylýar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.