Türkmenabatda futbol baýramçylygy geçirildi

23.10.2023 474
Türkmenabatda futbol baýramçylygy geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 12-nji we 14-nji sport mekdepleriniň binýadynda 2009-njy ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça welaýatymyzyň birinjiligi geçirildi. Oňa Türkmenabat şäheriniň we Kerki, Hojambaz, Darganata, Dänew, Çärjew, Saýat, Köýtendag we Halaç etraplarynyň toparlary gatnaşdylar.

Jemi 11 toparyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşyň başlangyç tapgyry toparçalaýyn görnüşde gurnaldy. «A» toparçany Türkmenabat şäheriniň birinji, Kerki, Hojambaz we Darganata etraplarynyň toparlary, «Köpetdag-Lebap» topary emele getirdi. Dänew, Çärjew, Saýat, Köýtendag we Halaç etraplarynyň toparlary hem-de welaýat merkeziniň ikinji topary «B» toparçany emele getirdi.

Deslapky duşuşyklaryň netijesinde «A» toparçasynda Türkmenabat şäheriniň birinji we «Köpetdag-Lebap» toparlary, «B» toparçasyndan bolsa Dänew etrabynyň we Türkmenabat şäheriniň ikinji toparlary ýarym finala çykdylar.

Ýarym finalda türkmenabatly ýetginjekler dänewli garşydaşlaryny esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşykda 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 5:3 hasabynda ýeňdiler. Ikinji ýarym final duşuşygynda bolsa welaýat merkeziniň 2010-njy ýylda doglan ýetginjeklerden düzülen ikinji topary «Köpetdag-Lebaby» 2:1 hasabynda ýeňdi.

Türkmenabadyň iki toparynyň arasynda geçirilen final duşuşygy bolsa 2009-njy ýylda doglan ýetginjekleriň ― birinji toparyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýaryşda diňe bir toparlaýyn ýeňijiler yglan edilmän, eýsem, şahsy baýraklar hem gowşuryldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.