Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän döwlet medeni-taryhy ýadygärliklerimiziň taryhy taýdan ähmiýetini düşündirmek, ony wagyz etmek maksady bilen Kerki etrabynyň Alamberdar taryhy ýadygärliginde “Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärlikler baý mekan” atly gezelenç gurnaldy. Gezelenje Kerki etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary, mugallymlary, Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri gatnaşdylar. Gezelenjiň dowamynda Alamberdar taryhy ýadygärligi we Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän birnäçe beýleki ýadygärlikler, olaryň taryhy ähmiýeti barada gyzykly gürrüňler edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...