Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryny gorap saklamak maksady bilen «Türkmenistan-ÝUNESKO: taryhy-medeni gymmatlyklaryň goraglylygy ugrunda» wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni G.Wellekow, Halaç etrap prokuraturasynyň kömekçisi Ş. Töräýewa, Halaç etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary H.Hydyrow, Halaç etrap polisiýa bölüminiň Kämillik ýaşyna ýetmedikler işleri boýunça bölümçesiniň gözegçisi Ö.Hojyýew dagylar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryny dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Wagyz nesihat çäräniň dowamynda ‹‹Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy›› ýyly diýlip atlandyrylmagy hem-de bu şanly ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde toýlamak, ‹‹Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy ›› senesi ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň hataryna girizilmegi mynasybetli sergi gurnaldy. Sergide Halaç etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy L.Annamyradowa, Halaç etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy A.Şirowa dagylar çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri: Gözel Amansähedowa
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...