1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, sport, medeni we wagyz-nesihat çäreleri geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.
Wise-premýer B.Mämmedow bedenterbiýäni ösdürmäge we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, ýurtda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny we beýleki çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Olar welaýatlary, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerini öz içine alar. Bu çärelere mekdep okuwçylary, talyplar, edara-kärhanalaryň işgärleri we türgenler gatnaşar.
Mundan başga-da, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bütindünýä saglyk gününiň sporty wagyz etmekde we ilatyň saglygyny berkitmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.Döwlet Baştutany meýilleşdirilen çäreleriň ýokary hilli taýýarlanmagyny we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...