Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Kerki etrap komitetleriniň, Kerki etrap häkimliginiň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti barada Kerki etrap Medeniýet merkezinde “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – Geňeşli iliň döwletli ýoly” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow, il sylagly Ýaşuly N.Igamberdiýew, Kerki etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň mugallymy O.Merdanowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty T.Berkeliýew, Kerki etrap prokuraturasynyň uly sülçisi M.Nazarow, Kerki etrap kazysynyň kömekçisi G.Rozyýew, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti H.Abraýew çykyş etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...