«Türkmenistanyň Halk Maslahaty — täze eýýamyň belent maksatlary»

03.10.2023 438
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty — täze eýýamyň belent maksatlary»

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat we Türkmenabat şäher komitetleriniň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda şu medeniýet ojagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — täze eýýamyň belent maksatlary» diýen at bilen maslahat geçirildi. Oňa partiýanyň işjeň agzalary, bilim, medeniýet we muzeý işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň giňden toýlanylýan günlerinde Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen Kararlar, çözgütler hem-de olary durmuşa geçirmegiň anyk ýollary dogrusynda jikme-jik gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da çykyş edenler şu taryhy forumda hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylandygyny buýsanç bilen bellediler. Ata Watanymyzy ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan, türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda irginsiz aladalanýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz şeýle belent ada mynasyp beýik Şahsyýetdir. Häzirki wagtda ýurdumyz uly ösüş-özgertmeleri başdan geçirýär. Munda her bir türkmenistanlynyň mynasyp goşandy bolmalydyr. 

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.