Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti ,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň we Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurnamagynda ,, Türkmenistanyň Halk maslahaty:demokratik döwlet guramagyň milli nusgasy” atly maslahaty geçirildi.
Maslahatda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda iýul aýynyň 18-de geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňe süren we kabul eden kararlaryny halk köpçüligine ýetirmek bilen birnäçe çykyşlara orun berildi. Taryhy mejlisda Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklarynyň esasyny düzýän Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler maslahatyň düýp mazmunyny düzdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...