Sport häzirki döwürde jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Türkmen türgenleri bütin dünýä sport hereketine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň dürli derejede guralýan ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, medallary hormatly Prezidentimiziň sporty hem-de onuň düzümlerini ösdürmäge berýän ünsüniň we zehinlileri ýüze çykarmak, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir. 2023-nji ýylyň 01-nji dekabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ýaşlaryň sporta bolan höwesini has-da artdyrmak, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek we olaryň berk bedenli bolmagyny gazanmak maksady bilen Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebinde ýaş türgenleriň ýerine ýetirmeginde “Sport – sagdynlygyň binýady” atly şygar bilen sportuň görkezme çykyşlary geçirildi. Ýurdumyzda ýaş nesliň sportuň dürli görnüşleri bilen köpçülikleýin meşgullanmagy döwletimiz tarapyndan sport ulgamyny has hem kämilleşdirmäge gönükdirilen işleriň subutnamasy bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...