Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda adam saglygyna iň gymmatly hazyna hökmünde garalýar. “Sagdyn bedende – sagdyn ruh” pähimden ugur alýan halkymyz hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen bedenterbiýäniň we sportuň ynsan durmuşyndaky ornuna uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzda olaryň ýaýbaňlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Türkmen halky gadym döwürlerde-de beden we ruhy saglygyň esaslaryna ygrarly bolupdyr. Dürli hereketli oýunlar, milli göreş we ýetginjek söweşijileriň harby taýýarlyklary hem saglygyňy berkitmäge esas bolupdyr. Şu günki günlerde ýaş nesilleriň sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredilendir. 2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 2-nji sport mekdebinde mekdebiň ýaş türgenleriniň arasynda sportuň “Stoluň üstünde oýnalýan tennis” görnüşi boýunça sport bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde Jumageldi Maksadow I-orna, Annageldi Maksadow II-orna, Myrat Baýramow III-orna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...