Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentini Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.
Soňra döwlet Baştutany dabaranyň geçirilýän ýerine bardy.
Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde dabara mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edenden soňra, ýörite gurnalan mejlisler zalyna bardy hem-de bu ýerde Gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Döwlet Baştutany Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşyjylary bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, himiýa senagatynyň ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünlerini öndürýän täze toplumyň taslamasyny Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy ýerine ýetirer. Täze toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler.
Toplum ulanmaga berlenden soň, ýurduň himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...