Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrap medeniýet merkezinde "Türkmensitanyň Halk Maslahaty–bedew batly ösüşlere badalga" atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Enejan Ýoldaşowa, sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrap medeniýet merkeziniň direktory Ogulkeýik Penjiýewa, Kerki etrap häkimliginiň hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyby Enejan Babakulowa çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde serdilen mesleler, kabul edilen çözgütler şeýle-de, häzirki berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy barada buýsanç bilen bellediler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...