Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda bilim maksatly binalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi, täze okuw ýylynyň başlanmagy, 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar bilen umymy okuw sapagyny geçirmegi mynasybetli “Gahryman Arkadagymyzyň taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz nesihat çäresinde Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy G.Hydyrowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, Kerki etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň mugallymy A.Şaýkulowa çykyş etdiler. Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna umumy okuw sapagyny geçip, ýaşlara watançylyk, edermenlik baradaky parasatly öwüt-nesihatlaryny berendigi üçin çäksiz alkyşlary bildirdiler. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň her bir çykyşynda berýän öwüt-ündewleri ýaşlaryň durmuş ýolunyň çyragydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...
Şu günler welaýat Baş bilim müdirliginiň çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleriniň arasynda yglan eden «Baş...