Şu gün welaýat kitaphanasynda «Watany goramak — parahatçylygy goramak» diýen at bilen söhbetdeşlik guraldy. Ýaş nesli mertlik, edermenlik, Watana, il-güne wepadarlyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen guralan çärä il sylagly ýaşulular, kitaphanaçylar, harby bölümiň serkerdeleri we esgerleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, Watan mukaddeslikleri, harby borja wepalylyk dogrusynda buýsançly söhbet etdiler. Türkmenistan döwletimiziň ähli ugurlardaky ösüşlerine mynasyp goşant goşmak, ata Watanymyzy goramak her bir ýaş ynsanyň mukaddes borjudyr diýlip, çykyşlarda nygtaldy. Bu ýerde «Mertler Watany beýgeldýär» diýen şygar bilen kitap sergisi guraldy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, pähim-paýhasyndan dörän kitaplar ýerleşdirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...