Welaýat boýunça senagat önümleriniň 15 milliard manatdan gowragy öndürildi

25.09.2023 88
Welaýat boýunça senagat önümleriniň 15 milliard manatdan gowragy öndürildi

Şu ýylyň geçen sekiz aýynda welaýatymyz boýunça öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 15 milliard 402,3 million manada barabar boldy. Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz pudagynyň hasabyna emele geldi. Degişli döwürde welaýatymyzdaky senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndysyny goşmak bilen) 4216,8 million manada barabar boldy. Şol harytlyk önümleriň umumy möçberiniň 72 göterimi ýurduň daşyna iberildi. Hasabat döwründe sarp ediş harytlarynyň jemi öndürilişi 3 milliard 735,8 million manada ýetdi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.