Ýaş daýhan şu ýyl 80 tonna pagta tabşyrmagy meýilleşdirýär

07.11.2023 510
Ýaş daýhan şu ýyl 80 tonna pagta tabşyrmagy meýilleşdirýär

Köýtendag şäheriniň ýaşaýjysy Röwşen Jumanazarow 99 ýyllyk möhlet bilen alan 72 gektarlyk ýer gaznasyndan ýylyň-ýylyna bol hasyl alýar. Geçen ýyl Röwşen maşgala agzalary bilen idegi mazaly ýetirilen ýeriniň 28 gektaryna gowaça, ýene-de şonça gektaryna bugdaý ekdi. Hasylyň bol boljakdygyny gowy gögeriş alan gowaçalar derrew buşlady. Bu şeýle-de boldy. Gowaçalara ideg etmekde hem agrotehniki çäreleri doly berjaý edip, ilkinji ýygymda 47 tonna gowaça hasylyny döwlet harmanyna tabşyrdy. Ol ýygym möwsüminiň ahyryna çenli bereketli pellerden ýene-de 21 tonnadan gowrak hasyly ýygnamagy başardy. Röwşen üstümizdäki ýylda hem döwlete pagta tabşyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere üstünlikli amal etmekde ilkinjileriň biri boldy. Eýýäm gowaçanyň 50 tonnadan gowrak hasylyny döwlet harmanyna tabşyran kärendeçiniň ak hanalardan doly peli bu ýyldaky hasylyň hem geçen ýyldakydan az bolmajakdygyny buşlaýar. Ol ýene-de 30 tonnadan gowrak hasyla garaşýar. Daýhan ýigit şu ýyl 28 gektar ýere ekilen bugdaýyň hem idegini göwnejaý alyp barýar. Öz wagtynda ekilen bugdaýdan endigan gögeriş alan ýaş daýhan geljek ýylda bol hasyla garaşýar. Şonuň ýaly-da Röwşen kärende ýeriniň galan bölegini gök we bakja ekinlerini ekmek üçin taýýarlaýar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.