“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty - gelejegiň kepili” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Gatnaşyjylar halkymyzyň röwşen ertirleriniň eýeleri bolan bagtyýar ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dünýä ülňülerine laýyklykda ylymly, bilimli, giň dünýä garaýyşly, tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryndan baş çykarýan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ýaşlar syýasatynyň döwrebap derejede durmuşa geçirilmegi şeýle aýratynlyklarynyň ählisini özünde jemleýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň hem-de biziň kitaphanamyz bilen bilelikde bu ugurda alyp barýan işleri hem örän ähmiýetlidir. Ýaşlaryň borçlary we hukuklary barada aýdylanda berkarar Diýarymyzda hereket edýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti öran ýokarydyr. Bu Kanun Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we tärlerini doly kesgitleýär. Ýurdumyzda bellenilen kadalara laýyklykda ýaşlaryň hataryna okuwçylar, talyplar, halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler, ýaş telekeçiler, ýaş alymlar, ýaş çatynjalar degişli bolup durýar. Bu kanunyň ýokary ähmiýeti Türkmen döwletniň şu günki beýik ösüşlerini we şöhratly geljegini nazara almak bilen, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny doly üpjün etmäge gönükdirilenligi bilen şertlendirilýär diýip çykyşlarynda bellediler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...