Ýaşlar syýasatynyň dünýäde dabaralanmasy

28.08.2023 24
Ýaşlar syýasatynyň dünýäde dabaralanmasy

Türkmenabat şäher häkimliginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Guramanyň welaýat geňeşiniň guramagynda geçirilen bu maslahata Mejlisiň deputatlary, bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, ýaşlar guramasynyň agzalary we öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda hem nygtalyşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýene bir täze sahypany açan bu hoş habaryň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bu abraýly düzümi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagynyň 30 ýyllyk ýubileýine gabat gelmeginiň özi-de aýratyn simwoliki mana eýedir. Çünki hormatly Prezidentimiziň döwletiň geljegi bolan ýaşlara aýratyn üns berip, olara uly ynam bildirmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilip, ýaşlar üçin täze mümkinçilikleriň we ýeňillikleriň döredilmegi, ÝUNESKO-nyň ýaşlar baradaky maksatnamalaryna Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň barha öňe ilerleýän ýaşlar syýasatynyň döwlet we halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Maslahatyň dowamynda edilen täsirli çykyşlarda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen barha ýygjamlaşýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijelerine ýokary bara berildi. Şonuň ýaly-da Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ÝUNESKO kafedrasynda ýaşlaryň ylmy başlangyçlaryny goldamakda alnyp barylýan netijeli işler dogrusynda aýdyldy. Maslahatyň ahyrynda bagtyýar ýaşlar özleriniň çeper döredijilik çykyşlarynyň üsti bilen ýaş nesliň nurana şu güni we röwşen geljegi ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.