Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň gurnamagynda Saýat etrap hassahanasynda raýatlaryň, ýaş lukmanlaryň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-2026-njy okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda bolup biläýjek kanun bozulmalarynyň öňüni almak, öz janyňa kast etmezlik ýaly hereketleriň, tebigaty goramak, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan gelip çykan ajaýyp kitaplaryny geljegimiz bolan nesillerimize düşündirmek we olaryň watançy ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen “Ýaşlar – Watanyň kuwwatly güýji ” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda adam üçin, ýaşlar üçin olaryň sagdyn ösmegi, aňly-düşünjeli, gelejekde Watanymyza, halkymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri dogrusynda çykyşlar diňlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Şemşat HOŞYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...