Ýedi aýda ýyglan buýan köki 1,6 müň tonnadan geçdi

04.09.2023 45
Ýedi aýda ýyglan buýan köki 1,6 müň tonnadan geçdi

Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar.

Toplumda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 12 million 799 müň 541 manatlyk iş edilip, ýedi aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi.

Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 1 müň 687 tonnasy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 773 tonnasy öndürildi. Şeýle-de degişli döwürde buýan köküniň ekstraktynyň 569 tonnasy, baglanan buýan köküniň hem 4 müň 110 tonnasy eksport edildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.