Ýokary görkezijilere eýe bolunýar

17.07.2023 167
Ýokary görkezijilere eýe bolunýar

     Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çig mallary gaýtadan işlemekde ýokary görkezijilere eýe bolunýar. Üstümizdäki ýylyň geçen alty aýynda bu görkeziji 227,4 müň tonnadan gowraga barabar boldy. Munuň özi degişli meýilnamanyň 105,6 göterim berjaý edilendiginden habar berýär. Şonuň netijesinde geçen döwürde benziniň 80,1 müň tonna golaýy, dizel ýangyjynyň 55,1 müň tonnadan gowragy, agyr wakuum gazoýlynyň 14 müň tonna golaýy, ýol bitumynyň hem 9,7 müň tonna golaýy öndürildi. Ösen islegden peýdalanýan bu nebit önümleri içerki we daşarky bazarlarda üstünlikli ýerlenilýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.