Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy

13.09.2023 320
Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň  rahatlygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda adamlaryň Asuda, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilen "Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy" atly biraýlygyň çäklerinde hem ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar we maslahatlar geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda raýatlarymyzyň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen "Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy" atly biraýlyk "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýylynda hem guramaçylykly geçirilýär. Geçirilýän söhbetdeşliklere, duşuşyklara we maslahatlara bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy ýaşlaryň arasynda Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri, "Ýolyşyk-biziň dostumyz! Ýaşyl yşyk, ýaly bäsleşikleriň ýokary guramaçylykly geçirilmegi gazanylýar. "Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy" biraýlygyň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň çarjew etrap komitetiniň gurnamagynda Cärjew etrabynyň 38-nji orta mekdebinde "Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri" atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna mekdebiň mugallymlary we okuwçylar gatnaşdylar. Wagyz nesihat duşuşygynda ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidigi nygtaldy.

Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýan "Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy" biraýlygyň dowamynda ýaşlara öwüt–ündew etmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny düşündirmek, köçe–ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidigini nygtamak, ýolyşygyň düzgünlerini, ähmiýetini düşündirmek maksady bilen guralan bu çäre hemmeler üçin örän täsirli bolýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň

Çärjew etrap komitetiniň guramaçysy Z.Ikramow

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.