Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

25.09.2023 324
Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Türkmenabat garnizonynyň harby awtomobil gözegçiliginiň harby gullukçylary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki çagalar bagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanan gyzykly çäre geçirdiler. Bu ýerde çagalar bilen ýol hereketiniň düzgünleri babatynda düşündiriş işleri geçirildi. Şunda terbiýeçileriň we enekeleriň kömegi bilen dürli oýunlaryň guralmagy çäräniň has täsirli bolmagyna ýardam etdi. Bizi begendiren esasy zat bolsa çagalaryň düşündirilen kadalary tiz özleşdirmegi we bular barada deň-duşlaryna hem gürrüň berjekdiklerini aýtmagy boldy. Bagtyýar nesillerimiziň heniz çagalykdan ýol hereketiniň kadalaryna jogapkärli çemeleşmegi ählimiz üçin ýakymly ýagdaý. Munuň şeýle bolmagynda ýurdumyzda eýýäm 10 ýyldan bäri geçirilip gelinýän biraýlygyň aýratyn uly orny bardyr.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.