Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 5-nji we ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçylaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy” atly şygar astynda geçirilýän biraýlyga bagyşlanyp “Ýol hereketiniň kadalaryny bilýärin” atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Wagyz nesihat çäresinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Kerki etrap wekili Ý.Ýoldaşowa, Kerki etrabynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa çykyş etdiler. Çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgeleri, “Ýol-hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň ähmiýeti, ýol-hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek wagyz edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...