Welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň bilelikde guramaklarynda welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenabat şäherindäki 40-njy orta mekdebiň binýadynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar.
Bäsleşigiň şertlerine görä, toparlaryň agzalary ýol hereketi boýunça ýörişleri ýerine ýetirmekde, şikeslenmede ilkinji kömek bermekde, şeýle-de ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmekde özleriniň başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň topary baş baýraga, Köýtendag etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň topary birinji, Çärjew etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň topary ikinji, şol etrapdaky 45-nji orta mekdebiň topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparyň agzalary bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Gyzykly geçen bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...