Golaýda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 6-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi, etrap hukuk goraýjy edaralary, etrap Bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda 6-njy orta mekdebiň ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda geçirilýän çärelerden ugur alyp, «Ýollarymyz asuda-illerimiz abadan» ady bilen wagyz-nesihat duşuşugy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler ýollarda awtoulag serişdeleriniň köpelmegi netijesinde olaryň hereketleriniň ýygjamlaşýandygy, bu bolsa köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyna ünsüň güýçlenmegini talap edýändigi, ýollaryň hadysasyz bolmagynda sürüjiler bilen bilelikde pyýadalaryň hem jogapkärçiliginiň artýandygy barada belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Melike ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...