Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýatynyň Halaç etrap şahamçasy, Halaç etrap polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik gullugy bilen bilelikde Halaç etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň binýadynda körpeje nesilleriň arasynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” aýlygynda ýaşlaryň ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmek maksady bilen “Ýollarymyzyň abatlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri G.Amansähedowa, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky wekili A.Hojaýew, Halaç etrap polosiýa bölüminiň ýol gözegçilik gullugynyň gözegçisi A.Hudaýnazarow çykyş etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...