Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk yagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler:
1. Yssy howada ýeňil, rahat,arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.
2.Günden goranmak üçin kellänize eňiljek başgap geýiň,ýaglyk atynyň ya-da saýawan göteriň!
3.Zerurlyk bolmasa,Gün şöhlesiniň ýitileşýän wagtynda, ýagny 11:00-den 17:00-a çenli-aralykda daşary çykmaly däl.
4.Günden goraýjy äýnekleri dakynmak peýdaly.
5.Tomsuň yssysynda açyk meýdanlara gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.
6. Howada aşa gyzanda süňňünden köp mukdarda suwuklygyň üsti bilen deriň bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygy bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna hem getirýär. Şonuň üçinem yssy howada günüň dowamynda ýeterlik mukdarda suw içmeli.
7.Gazlandyrylan içgilerden, agyr ýagly naharlary iýmekden saklanyň!
8.Tomsuň jöwzaly yssygünlerinde, esasan-da, gartaşan adamlar we 2ýaşa çenli çagalar bilen daşary çykylanda seresap bolmaly.
9.Yssy howada gyzyp gelip sowuk suwa düşmek, sowadyjynyň öňünde durmak, aşa sowuk içgileri içmek maslahat berilmeýär.
10.Ir iýmişleri hökman sowadyjyda 2 sagat saklap, ýuwup gowy arassalap iýmeli.
11. Iş ýerlerinde we öýde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...