Köýtendag etrabynyň çägindäki «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, ýokary kuwwata eýe bolan zawodyň täze tapgyrynyň gurluşygy «Türkmenenjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi kuwwatly kärhananyň gurluşygynyň buýrujysydyr.
Garlyk şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna 2020-nji ýylyň tomsunda badalga berlipdi.
Gurluşykçylar kuwwatly kärhanany bellenen möhletinde ulanmaga tabşyrmak üçin gijesini-gündiz edip zähmet çekýärler. Desgada işçi-hünärmenleriň 1350-si zähmet çekýär. Zawodyň ikinji tapgyryny sentýabr aýynyň üçünji ongünlüginde ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Täze ulanylmaga berilýän desgada hem Germaniýanyň, Türkiýäniň we beýleki Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlar toplumlary oturdyldy. Şoňa görä hem işleriň agramly bölegi awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen alnyp barlar. Zawodyň birinji tapgyrynda portland sementiniň S-400 we S-500 görnüşleri öndürilip, sarp edijilere ýetirilen bolsa, şu günlerde gurulýan täze tapgyrynda ozalky görnüşler bilen birlikde has ýokary hilli S-600 görnüşli sementiň hem önümçiligi ýola goýlar. Önümler dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigi bilen has tapawutlanar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...