Zerger «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 31 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi

21.09.2023 162
Zerger «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 31 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Zerger «Demirbetonönümleri» kärhanasynda ýurduň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan gurluşyk önümleriniň öndürilişi barha artdyrylýar. Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda magdan däl gurluşyk materiallarynyň 39 müň 100 kub metri, gurluşyk üçin betonyň 17 müň 600 kub metri, harytlyk betonyň 1 müň 300 kub metri, keramzidiň hem 10 müň kub metri öndürildi. Degişli döwürde demir gurnawlarynyň hem 22 tonnasy taýýarlanyldy. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 31 million 412 müň 798 manatlyga deň boldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.