2023/2024-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

24.07.2023
2023/2024-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 21-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Okuw mekdebi alty sany hünär boýunça hünärmen taýýarlaýar:

  1. awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek;
  2. awiasiýada gatnawy guraýyş;
  3. ýangyna garşy goragyň guralyşy we tehnikasy;
  4. howa menzilleriniň radiotehniki enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy;
  5. howa menzilleriniň elektrotehniki yşyklandyryş ulgamynyň tehniki taýdan ulanylyşy;
  6. uçarbelet.

Mekdebe saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) we gyzlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl, dalaşgärleriň ýaşy 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar.

Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.