Boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

21.08.2023
Boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

23-nji awgustda welaýatymyzyň iki etrabynda — Hojambaz we Köýtendag etraplarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.

Çäräni etrap Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri geçirer.

Hojambaz etrabyndaky çäre etrap Medeniýet bölüminiň Ýolbaşçy medeniýet öýünde, Köýtendagda bolsa Köýtendag şäheriniň Türkmenbaşy köçesiniň 44-nji jaýynda geçiriler.

Hojambazdaky çäre ir sagat 9:00-da, Köýtendagdaky bolsa 10:00-da başlanar. Boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleriniň ikisi hem şol gün sagat 12:00-da tamamlanar.

Gyzyklanýan raýatlar aşakdaky telefon belgilerine jaň edip habarlaşyp bilerler:

Hojambaz etraby boýunça 800442 2-07-87,

Köýtendag etraby boýunça 800440 2-09-33.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.