Çärjew etrabynda 200 baş ata niýetlenen athana gurlar

31.07.2023
Çärjew etrabynda 200 baş ata niýetlenen athana gurlar

Ýakyn geljekde Çärjew etrabynda 200 baş at saklamaga niýetlenen döwrebap athana gurlar.

Birleşik döwrebap athanany gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär. Gyzyklanma bildirýän talaplar tehniki talaplary almak üçin birleşigiň hojalyk hasaplaşygyndaky bejeriş gurluşyk bölümine ýüz tutmaly. Teklipler bäsleşigiň çap edilen gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Şeýle hem bildirişde birleşigiň Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 166-njy jaýynda ýerleşýändigi görkezilýär. Isleg bildirýän taraplar 21-12-68 we 21-02-98 belgili telefonlar bilen janlaşyp bilerler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.